Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanly senatorlar raýatlyk hakynda gapma-garşylykly kanuny kabul etdiler


Gazagystanyň parlamentiniň maslahaty, Astana

Gazagystanyň parlamentiniň ýokarky öýi Senat “terrorçylar” diýlip yglan edilen adamlary ýurduň raýatlygyndan mahrum etmek hakynda gapma-garşylykly kanuny kabul etdi.

Senatyň 22-nji iýunda makullan kanuny prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gol çekmegine tabşyryldy.

Bu kanun maý aýynda parlamentiň aşaky öýi Mejlis tarapyndan hem makullanypdy.

Kanuna görä, gazagystanlylar terrorist topary guramalaşdyrmakda ýa-da oňa goşulmakda, Merkezi Aziýa ýurdunyň “iňňän wajyp bähbitlerine” howp salmakda, prezidenti öldürmek boýunça dildüwüşik gurnamakda günäli hasaplansa öz raýatlygyndan mahrum edilip bilnerler.

Tankytçlylar kanunyň oppozision syýasatçylara, şol sanda daşary ýurtlarda meýletin sürgünlikde ýaşaýanlara garşy ulanylmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar we kanunda Gazagystanyň “iňňän wajyp bähbitleri” diýlilmeginiň manysynyň örän umumydygyny aýdýarlar.

76 ýaşly Nazarbaýew 1989-njy ýyldan bäri Gazagystany dolandyrýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG