Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi ekstremist “Yslam döwleti” (YD) toparynyň Mosulyň gadymy metjidini partlatmagyny “ýeňilişiň resmi taýdan boýun alynmagy” diýip atlandyrdy.
Goranmak ministrligi ekstremist toparyň hökümete tarapdar güýçlere garşy söweşmeginiň dowamynda 21-nji iýunda agşam Al-Nuri baş metjidiniň içinde partladyjy serişdeleri partladandygyny habar berdi.
800 ýyl mundan ozal gurlan metjitde 2014-nji ýylda YD toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi toparyň “halifat” döredýändigini yglan etdi.
Yragyň harbylary yrak goşunynyň şäheriň gadymy bölegine girip, metjide 50 metr golaýlanlarynda söweşijileriň ony partladandygyny aýdýarlar. Metjidiň partladylmagy “taryhy jenaýat” atlandyryldy. Mosulyň metjidi “Yslam döwleti” toparynyň Yrakda we Siriýada ýok eden taryhy gymmatlyklaryň uzyn sanawyna goşuldy.