Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Hindistan, Pakisan 2050 çenli ilat sanyny artdyrjak ýurtlaryň hatarynda


Dünýäniň kartasy
Dünýäniň kartasy

2050-nji ýylda dünýäniň ilat sany şu ýylky 7.6 milliardan 9.8 milliard adama ýeter.

BMG-niň 21-nji iýunda mälim eden sanlaryna görä, ilat sanynyň köpelmeginiň çak edilýän möçberiniň ýarysy Hindistanyň, Pakistanyň we beýleki ýedi ýurduň hasabyna amala aşyrylar. Ilat sanynyň köpelmegine goşant goşýan ýurtlar, Hindistan, Nigeriýa, Kongo, Pakistan, Efiopiýa, Tanzaniýa, ABŞ, Uganda we Indoneziýa diýip BMG belleýär.

1.3 milliard ilatly Hindistanyň häzirki wagtda ilat sany boýunça dünýäde birini ýerde duran 1.4 milliard adamly Hytaýdan öňe saýlanmagyna garaşylýar.

Dünýä derejesinde çaga dogurmagyň depgini gowşaýarka, iň pes ösüşli 47 ýurt çaga dogurmakda iň ýokary görkeziji görkezdi. Bu ýurtlarda 2010-2015-nji ýyllaryň aralygynda her aýal başyna dogulýan çagalaryň sany 4.3 diýlen görkeziji bilen kesgitlendi.

Çaklamalara görä, Afrikanyň 26 ýurdunda ilat sanynyň 2050-nji ýyla çenli azyndan iki esse ýokarlanmagyna garaşylýar.

Ilat sanyna degişli iň uly ösüşiň iň garyp ýurtlarda bolmagy ýaş adamlaryň ýeterlik derejede azyk, saglygy saklaýyş, bilim we beýleki zerurlyklar bilen üpjün edilmegini kynlaşdyrar, diýip BMG belledi.

XS
SM
MD
LG