Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Wiza kartlaryna pul geçirmek üçin nobatlar artýar


Aşgabatda banklaryň öňünde nobata duran adamlar
Aşgabatda banklaryň öňünde nobata duran adamlar

2016-njy ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda amerikan dollarnyň satuwdan aýrylmagy bilen ilatyň dollar edinmek isleglerine çäklendirme girizildi.

Daşary döwletlerde çagalary okaýan ýa-da daşary döwletlere gezelenje gitmek isleýän türkmenistanlylar üçin uly aladalar döreden dollaryň ilata wiza karta geçirlip beriljekdigi baradaky kabul edilen karardan soňra, dollaryň satuwdaky wagtynda her günde adam başyna bir müň dollaryň berilen wagtyndaky ýaly, uly nobatlar emele geldi.

Aşgabatly ýaşaýjy, 62 ýaşly Döwlet aganyň aýtmagyna görä, tomsuň şu yssy günleri daşary döwletlere gezelenje ýa dynç almaga gitmek isleýänleriň sanynyň köpelmegi bilen öz aýlyk hakyňa görä wiza karta türkmen manadyny goýup, daşary döwletlere baranyňda dollar alyp bolýan derejede pul goýmaga banklara gelýänleriň sany soňky günler has artypdyr.

“Her günde 300 adamdan hem ýokary geçýän sanawa ýazylmak üçin, ýaşaýjylar bir gije-gündizläp banklarda oturyp garaşmaly bolýarlar. Ol ýerde sanaw düzülip, ol sanaw boýunça ýazylan adamynyň şol ýerde bardygy ýa ýokdugy barlanyp, her 3-4 sagatdan sanaw okalýar.

Wiza kartlary üçin nobatlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:03 0:00

Sanaw okalan wagty ýok adamyň ady sanawdan düşürilýär. Şol sebäpli öz nobatlaryny ýitirmezlik üçin, adamlar ol ýerden gaýdyp bilenoklar” diýip, Döwlet aga dowam edýär

“Wiza karta pul kabul edýän bölümiň ýetişmezligi sebäpli, sanawlar indiki güne geçirilýär. Indiki güne düzülen sanawdaky adamlar bolsa, düýnden ýetişmän galan adam sanawnyň yzyna düzülýärler.

Nobatyňy ýitirmejek bolsaň, ol ýerden gaýdyp bolanok. Özüň çaý-suw içmäge gitmekçi bolsaň, onda maşgala agzalaryň bilen gezekleşip, nobatyňy ýitirmän saklamaly bolýarsyň, bu bolsa ýaşaýjylara azap baryny berýär” diýip, Döwlet aga aýdýar.

Wiza kartyna goýlan puly daşary döwletlere baranda alyp bilmän kösenýän türkmenistanlylaryň hem sanardan kändigi aýdylýar.

Adynyň efirde tutulmazlygny soran aşgabatly zenanyň aýtmagyna görä, ol ilkinji sapar Türkiýe döwletine gidip, öz puluny almakçy bolanda, onuň karty zaýa çykypdyr. “Yzyma zordan aşyp gelip, täze kart aldym. Ikinji gezek gidip pulumy alanymda, 500 dollarym kem çykdy.

Aşgabada gelip barlatsam, pulumyň ýerindedigini aýtdylar. Ýöne daşary döwletde näme sebäpden meniň ony alyp bilmändigimiň sebäpleri düşündirilmedi. Bu ýerde hem bank işgärleri oýun gurnaýana meňzeýär” diýip, aşgabatly zenan zeýrenýär.

Wiza karta goýlan puly daşary ýurtlarda amerikan dollaryna öwrüp bolýanlygy baradaky ýakymly habardan soň, bu karty edinmek isleginiň ähli türkmenistanlylarda peýda bolandygy aýdylýar.

“Ýaşaýjylar bu görýän görgülerine-de razy, amerikan dollaryny düýbünden görünmez ýaly etselerem alajymyz bolmazdy. Gije ukudan galyp, banklarda nobata dursagam, garaz, elimize dollar gelse begenýäris. Kimiň bergisi bar, kim gezelenç etmek isleýär, kimiň çagasy okaýar, oňa pul ugratmaly. Bu günümize-de şükür edýäris” diýip, bankda nobata duran pensioner ene aýdýar.

Şol bir wagtda Aşgabadyň banklarynda nobatlaryň gün-günden artýandygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG