Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanly futbol ussady Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy 50 treneriniň sanawyna girdi


Gurban Berdiýew

Türkmenistanly trener Gurban Berdiýew dünýäniň iň gowy 50 treneriniň sanawyna girdi.

Futbol boýunça “FourFourTwo” portalynyň düzen sanawyna görä, geçen möwsümiň iň gowy trenerleriniň sanawynyň 36-njy setirini Orsýetiň “Rubin” futbol klubunyň treneri Gurban Berdiýew eýeleýär. Asly türkmenistanly 64 ýaşly Berdiýewiň “Rubin” klubuna dolanyp barýandygyny RBK-Sport neşri habar berdi.

2001-2013-nji ýyllarda Orsýetiň “Rubin” futbol klubuny türgenleşdiren, 2014-nji ýylda “Rostow” klubuna ýolbaşçylyk eden Gurban Berdiýewiň goly astynda bu komandalar ençeme gezek üstünlikli çykyş edipdi.

Gurban Berdiýew 1990-njy ýyllaryň aýagynda Aşgabadyň “Nisa” futbol komandasyny türgenleşdiripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG