Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ ukrain separatistlerini ÝHHG garşy zorlukda aýyplady


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) synçylary, Awdiýiwka, 23-nji fewral, 2017

ABŞ gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleri halkara synçylarynyň ok atyşygy bes etmek boýunça ýaraşygyň bozulyşy barada habar bermeginiň öňüni almakda maksatly olara garşy “zorlugy we kemsitmeleri” tutaşdyrmak kampaniýasyny amala aşyrmakda aýyplady.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Heather Nauertiň 22-nji iýunda aýtmagyna görä, Waşington ýagdaýdan “örän aladalanýar” we separatistleri “Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky, Orsýetiň maliýeleşdirmegindäki we Orsýet tarapyndan türgenleşdirilen” güýçler diýip atlandyrýar.

20-nji iýunda Nauert separatist güýçleriň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) gözegçilerini alyp barýan ulaglaryny saklamak üçin ok atandygyny habar berdi.

“Bu waka halkara jemgyýetçiliginiň gündogar Ukrainada bolup geçýän ýagdaýlary görmeginiň öňüni almak üçin edilýän giňişleýin tagallalaryň bölegidir” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat-wekili aýtdy.

Ukrainada hökümet güýçleriniň we separatistleriň arasynda ok atyşygy bes etmek boýunça nobatdaky ylalaşyk 23-nji iýunda güýje girýär.

2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 10 müň çemesi adamyň ölümine sebäp bolan konfliktiň soňuna çykmak boýunça mundan ozalky ýaraşyklar şowsuzlyga uçrapdy.

XS
SM
MD
LG