Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nebitiň bahasy bu ýyl ilkinji gezek 45 dollardan pese gaçdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Bu ýyl ilkinji gezek çig nebitiň bahasy bir barrel üçin, 45 amerikan dollaryndan pese gaçdy. Bu geçen ýanwardan bäri ýüzden 20 göterim pese gaçyş diýmekdir.

Şol wagtyň özünde, nebitiň bahasy ýylyň birinji ýarymynda 1997-nji ýyldan bäri iň güýçli arzanlyga duçar boldy.

Brent kysymly çig nebitiniň bir barreliniň bahasy 21-nji iýun agşamy 44,51 amerikan dollaryna barabar boldy. Bu bir gün owalkysyna görä 3,26 göterim arzandyr.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, nebitiň bahasynyň birden pese gaçmagyna Liwiýa we Nigeriýada önümçiligiň ýokarlanmagy barasyndaky habarlar sebäp bolupdyr.

Bu iki ýurt OPEC-iň önümçiligi azaltmak baradaky ylalaşygyna gatnaşmaýarlar.

Nebitiň bahasynyň şeýle dramatiki ýagdaýda pese gaçmagynyň başga bir sebäbi bolsa, ABŞ-da çig nebit we benzin ätiýaçlyk ambarlarynyň garaşylandan has köp doly ýagdaýda bolmagydyr.

Bularyň hemmesi öz nobatynda OPEC-iň bahalary ýokarlandyrmak maksady bilen gelen ylalaşygyna bolan umydyny has gowşadýar.

Amerikada nebit önümçiliginiň rekord tizlikde ýokarlanmagy OPEC-iň ýola goýan ylalaşygyny durşy bilen täsirsiz ýagdaýa getiripdir.

"CMC Markets" atly firmanyň hünärmeni Dawid Maddeniň aýtmagyna görä, häzirki üýtgeşmeler 2015-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýy ýada salýar. Şonda nebit bahalary yzygiderli ýagdaýda pese gaçmagyny dowam edipdi.

CNBC internet sahypasynyň ýazmagyna görä, häzirki ýagdaýa düşünmek aslynda gaty aňsatdyr: synçylar we strategler nebit bahalarynyň bu ýyl ortaça hasap bilen takmynan bir barrel üçin 60 dollara çenli galjakdygy baradaky pikrini henizem üýtgetmeýärler. Emma indi bar bolan ýagdaý munuň hakykata öwrülmejekdigini aýan edýär.

Şol bir wagtyň özünde, iri nebit firmalarynyň hut özi hem görkezijileri aşak çekipdir. Şeýle çäräni ilkinjileriň hatarynda durmuşa geçirenler "Chevron", "Royal Dutch", "Repsol" we "BP" atly firmalardyr.

Häzirki ýagdaýyň has geň tarapam, nebit bahasynyň ýokarlanmagynyň hasam beter pese gaçmagyna bagly bolmagydyr.

Nebit hünärmenleriniň bildirmegine görä, amerikan firmalary nebitiň bir barreliniň bahasy 45 dollar töwereginde bolan mahaly girdejili işläp bilýärler. Haçan-da bahalar 40 dollara çenli pese gaçan mahaly çig nebitiniň önümçiligi olar üçin bähbitli bolman biler.

Bulardan daşaryn, synçylaryň arasynda nebitiň bahasynyň bir barrel üçin 30 amerikan dollaryna çenli pese gaçyp biljegini öňe sürýänlerem bar.

XS
SM
MD
LG