Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Amerika Ýakyn Gündogarda deňagramlylygy bozmazlygy duýdurýar


 Ali Akbar Salehi
Ali Akbar Salehi

Eýranyň atom energiýasy gullugynyň başlygy Ali Akbar Salehi 23-nji iýunda Birleşen Ştatlara Tähranyň esasy bäsdeşi Saud Arabystanyny goldap, Ýakyn Gündogardaky güýç deňagramlylygyny bozmazlyk barada duýduryş berdi.

Salehi “Guardian” gazetinde çykyş edip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasynyň golaýda Saud Arabystanyna 110 milliard dollarlyk ýarag satjagyny yglan etmegine Tähran “prowokasiýa” hökmünde seredýär diýdi.

Ol ABŞ-nyň, ballistik raketalaryny kämilleşdirýändigi üçin Tährana garşy sanksiýalary güýçlendirmek çäresini nazara alyp, Saud Arabystanyna şeýle goldaw berilýän wagtynda Eýranyň goranyş tagallalaryna garşy çykylýandygyny, olaryň gowşadyljak bolunýandygyny belledi.

“Eýran bu hili durnuksyzlaşdyryjy çärä biparh garar öýtmek real däl” diýip, Salehi sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol Waşingtonyň Eýranyň Ýakyn Gündogardaky basdaşlaryna aşa ýykgyn etmegi diňe sebitdäki dartgynlyklary we çaknyşyklary ýitileşdirip oňmaýar, eýsem kynlyk bilen gazanylan ýadro ylalaşygyna hem wehim salýar diýdi.

XS
SM
MD
LG