Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan ýol hadysasynda 148 adam öldi


Pakistan, agdarylan tenkerden ýangyç alýan adamlar. 2015 ý.
Pakistan, agdarylan tenkerden ýangyç alýan adamlar. 2015 ý.

Pakistanda nebit tankeri agdarylandan soň turan uly ýangyn netijesinde azyndan 150-ä golaý adam öldi, onlarça adam bolsa ýaralandy.

Bu ýol hadysasy Multan şäheriniň 100 km çemesi golaýynda boldy. Polisiýa tankeriň agdarylan ýeriniň daşyny baglamaga çalyşdy, emma maşyn partlanda onlarça obaly agdarylan tankerden ýangyç alyp ýetişjek bolýardy.

AP habar gullugy biraz öň Panjap welaýatynyň halas ediş gullugynyň başlygy Rizwan Nasire salgylanyp, azyndan 122 adamyň ölendigini, 76 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Nasiriň sözlerine görä, ölenleriň käbiriniň jesedi tanalmaz derejede ýanypdyr. Ýerli hökümet resmisi Rana Mohammad Salim Afzal ölenleriň sanynyň azyndan 123-digini, 100-den gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Geo TV şaýatlara salgylanyp, bu ýerde käbir adamlaryň çilim çekendigini we munuň ýangyna sebäp bolandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG