Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý ýer süýşmesinde 24 adam öldi, 100-den gowrak adam tapylmaýar


Hytaýly halas edijiler. Ýunnan welaýaty, 2012 ý.

Hytaýyň günorta-gündogaryndaky Siçuan welaýatynda ýer süýşmesinden soň tapylmaýan 100-den gowrak adamyň gözlegi ikinji gün- 25-nji iýunda hem dowam etdirildi.

24-nji iýunda ýykylan dag bölegi derýanyň iki kilometr çemesi akabasyny baglandan soň, Sinmo obasynyň 40 çemesi jaýy döwük-ýenjikleriň aşagynda galdy.

Ýekşenbe güni irden dokuz jeset tapyldy we ölenleriň sany 24 diýlip tassyklandy. Emma ýene 109 adam tapylmaýar.

Sinhua halas ediş tagallalaryna 3 müňden gowrak adamyň goşulandygyny, emma bu sebitde ýene ýer süýşmek gorkusynyň gözleg-agtaryş işlerine päsgel berendigini aýtdy.

Hytaýyň oba we daglyk ýerlerinde, hususan-da agyr ýagyş ýaganda, ýer süýşmeleri ýygy-ýygydan bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG