Owgan resmileri ýurduň günbatar böleginde, Salma Dam barlag nokadyna edilen talyban hüjüminde howpsuzlyk güýçleriniň 10 agzasynyň öldürilendigini aýtdylar.
Hyrat welaýatyndaky hüjüm wagtynda, gubernatoryň sözçüsiFarhad Jailaniň tassyklamagyna görä, ýene dört polis ofiseri ýaralandy we dört jeňçi öldürildi.
“Talyban” jeňçileri geçen ýyl 300 million dollarlyk proýekt esasynda gaýtadan gurlan suw elektrik stansiýasyny nyşana aldylar, bu desga mundan öňem hüjüm obýekti bolupdy we şu sebäpden berk goralýar.
100 metrden gowrak belentligi we 540 metr ini bolan bent 42 megawatt tok öndürmek we Hyrat welaýatynda75 müň gektar ýerde ekerançylyga kömek bermek üçin guruldy.