Türkmenistan bu ýylyň Oraza baýramyny 26-njy iýunda, hepdäniň birinji gününde bellär.
Türkmenistanyň prezidentiniň anna güni gol çeken kararyna laýyklykda, birinji gün Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edildi.
Döwlet baştutanynyň karary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar tarapyndan ýerine ýetirilmeli edildi.
Bu ýylyň Oraza aýy Türkmenistanda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýanyň döwlet derejesinde boýun alynmagyna, ýurduň ilatyna 1993-nji ýyldan bäri berilýän sosial ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň prezident tarapyndan teklip edilemgine gabat geldi.
Ekspertler Türkmenistanyň nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy we başarnyksyz dolandyryş sebäpli agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.