Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Albaniýalylar parlament saýlawlarynda ses berýärler


Albaniýanyň premýer-ministri Edi Rama

Albaniýalylar 25-nji iýunda parlament saýlawlarynda ses berýärler.

Bu saýlawlar ýurduň mümkin bolan ÝB agzalygy gepleşiklerinden öň demokratik ygtyýarlyklaryny güýçlendirmäge çalyşýan wagtynda geçirilýär.

Dolandyryjy Sosial partiýa we onuň garşydaşy bolan Demokratik partiýa parlamentde aglaba köplügi gazanmaga çalyşýar.

2.9 million ilatly we NATO agzasy bolan Albaniýa 2014-nji ýylda ÝB kandidatlygyny gazandy, emma reformalaryň bolmazlygy, şol sanda saýlaw prosesindäki ýagdaýlar bu ugurdaky çäreleriň haýallamagyna sebäp boldy.

Demokratlar sosialist premýer-ministr Edi Ramanyň, saýlawlarda adalatlylygyň üpjün edilmegi üçin, ses berişlikden öň işden çekilmegini talap etdiler. Olar bu talap ýerine ýetmedik ýagdaýynda saýlawy boýkot etjekdiklerini aýtdylar.

ABŞ we ÝB maý aýynda iki tarapa araçylyk edip, saýlaw düzgünlerine täzeden garalamagy we oppozisiýa bu prosese has giň gözegçilik mümkinçiliginiň berilmegi barada ylalaşyk gazanylmagyna kömek etdiler.

Saýlawlaryň netijeleriniň 26-njy iýunda belli bolmagyna garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG