Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň gaýybana sud diňlenişigi 26-njy iýunda Kiýewde başlanan badyna 29-njy iýuna çenli yza tesdirildi. Ýanukowiç watana dönüklikde aýyplanýar.
Onuň aklawçysy Witaliý Serdýuk Ýanukowiçiň sud diňlenişigine wideo şekilli aragatnaşyk arkaly gatnaşmaga taýýardygyny, emma Ukrainanyň häkimiýetleriniň muňa rugsat bermändigini aýtdy.
5-nji maýda başlanan deslapky diňlenişigiň dowamynda Ýanukowiçiň aklawçylary Orsýetde ýerleşýän öz müşderisi bilen wideo şekilli aragatnaşyk gurmak üçin suduň Orsýetden resmi rugsat soramagyny talap etdiler.
Sud bu talaby ret etdi we Ýanukowiçiň internet arkaly elýeterli islendik wideo ulgamynyň üstünden suda gatnaşyp biljegini we munuň üçin Orsýetden resmi rugsadyň zerur däldigini aýtdy.
Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak barada ylalaşyk baglaşmazdan, Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmek kararyna garşy geçirilen protestleriň dowamynda, 2014-nji ýylyň fewral aýynda wezipesini terk edip, Orsýete gaçyp gidipdi. Hökümete garşy Ýewromaýdan protestleriniň dowamynda onlarça adam wepat bolupdy.
Onuň häkimiýet başyndan çekilmeginden soň Orsýet Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp öz düzümine goşdy we gündogar Ukrainada separatizmi goldady. Bu regionda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikt zerarly 10 müňden gowrak adam wepat boldy.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!