Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pikir öwrenmeler Albaniýada sosialistleriň öňe çykjagyny görkezdi


Saýlaw uçastogy, Tirananyň golaýynda Surel şäheri, Albania, 25-nji iýun, 2017.
Saýlaw uçastogy, Tirananyň golaýynda Surel şäheri, Albania, 25-nji iýun, 2017.

Köpçüligiň pikirini öwrenmek boýunça barlaglar Albaniýanyň häkimiýet başyndaky Sosialistler partiýasynyň parlament saýlawlarynda ses köpçüligine eýe bolmagynyň ähtimaldygyny görkezdi. Bu saýlawlar ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarynyň geljegi üçin täsirli hasaplanylýar.

“Ora News” telewideniýesiniň 25-nji iýunda aýtmagyna görä, premýer-ministr Edi Ramanyň Sosialistler partiýasy saýlawlarda sesleriň 45-49% eýe bolarlar. Bu bolsa, 140 orunlyk parlamentiň 71-75 ornuny gazanmak üçin ýeterlik.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň tarapdary merkezçi-sagçy Lulzima Başanyň Demokratik partiýasynyň sesleriň 30% gazanmagyna garaşylýar.

Italiýanyň IPR Marketing guramasynyň geçiren pikir öwrenmeleri hem şuňa meňzeş netijeleri görkezdi. Ses berişligiň resmi netijelerine 26-nji iýunda garaşylýar.

Ses berişligiň netijeleri boýunça çaklamalar tassyklansa 52 ýaşly ýewropaçy Rama koalisiýa düzmezden ýurduň syýsy ugruny kesgitläp biler.

XS
SM
MD
LG