Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mosul: Yragyň goşuny YD-ny gadymy şäherden gysyp çykarýar


Yragyň harbylary, Mosul, 25-nji iýun, 2017
Yragyň harbylary, Mosul, 25-nji iýun, 2017

Yragyň güýçleri Mosul şäheriniň gadymy böleginde “Yslam döwleti” (YD) toparynyň söweşijileriniň elindäki soňky böleklerine basyş etdiler we sekiz aýlap dowam edýän söweşleriň soňlaýjy pursadyna golaýladylar.

Podpolkownik Salam al-Obeidiniň 25-nji iýunda AFP agentligine aýtmagyna görä, "gadymy şäheriň 65-70% azat edildi – bir kwadrat kilometrden az ýeriň gaýdyp alynmagy galdy”.

Yragyň harby ýolbaşçysy şäherde söweşleriň barýan ýerinde, YD toparynyň birnäçe gün mundan ozal partladan taryhy Al-Nuri metjidiniň birnäçe metr golaýynda çykyş etdi.

Mosulyň gadymy böleginiň ele salynmagy we şäheriň doly azat edilmegi YD toparynyň ýeňilmeginiň möhüm alamaty bolar. YD topary Yragyň ululygy boýunça ikinji şäheri Mosuly hökümet güýçlerinden üç ýyl mundan ozal basyp alypdy.

2014-nji ýylyň iýul aýynda YD toparynyň lideri Abu Bakr al-Bagdadi şäherde juma namazyna jemlenenleriň öňünde çykyş edip, Yrakda we Siriýada yslam “halifatynyň” döredilýändigini yglan edipdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky yrak güýçleri YD toparynyň Yrakdaky esasy galasy hasaplanan Mosulyň uly böleginden söweşijileri gysyp çykardylar.

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky arap-kürt koalisiýasy ekstremistleriň Siriýadaky esasy galasy Rakkada hem söweşijilere gysyş görkezýär.

XS
SM
MD
LG