Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Siriýanyň ýene bir himiki hüjüme taýýarlanýandygyny aýdýar


ABŞ-nyň hüjüminiň netijesinde Siriýanyň Şaýrat howa bazasynda ýanan uçar, 7-nji aprel, 2017
ABŞ-nyň hüjüminiň netijesinde Siriýanyň Şaýrat howa bazasynda ýanan uçar, 7-nji aprel, 2017

ABŞ Siriýada ýene bir himiki hüjüme “potensial taýýarlyklary” anyklandygyny aýdyp, munuň amala aşyrylan ýagdaýynda Siriýanyň hökümeti üçin “bahasynyň gymmat” boljagyny duýdurdy.

Ak Tam Siriýada görülýän taýýarlyklaryň aprel aýynda himiki hüjüm bolmagy güman edilýän ýagdaýlaryň öňüýanyndaky çärelere meňzeýändigini 26-njy iýunda aýtdy. Aprel aýyndaky hüjümleriň yzýany ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýanyň howa bazasyna raketaly hüjüm etmegi tabşyrypdy.

“Eger Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad himiki ýaraglary ulanyp, ýene bir köpçülikleýin gyrgynçylygy amala aşyrsa, ol we onuň harbylary üçin töleg gymmada düşer” diýip, Ak Tamyň metbugat wekili Sean Spiser aýtdy.

Aprel aýynda Tramp Şaýrat howa bazasyna zarba urmagy tabşyrypdy. ABŞ munuň öňüýany 70 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümde Assadyň hökümetiniň zäherli gazy ulanandygyny aýdypdy, Damask bu aýyplamalary ret edipdi.

Hüjüm Waşingtonyň we Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän graždan uruşda Assady goldaýan Orsýetiň arasynda garma-garşylyk döredipdi.

XS
SM
MD
LG