Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde bomba partlamasynda aňtaw gullugynyň polkownigi wepat boldy


Kiýewde awtoulagda goýlan bombanyň partlamagynda bir harby ofiser wepat boldy, 27-nji iýun, 2017
Kiýewde awtoulagda goýlan bombanyň partlamagynda bir harby ofiser wepat boldy, 27-nji iýun, 2017

Ukrainanyň paýtagtynda awtoulagda goýlan bombanyň partlamagy zerarly wepat bolan harby ukrain aňtaw gullugynyň polkownigi diýip, ýurduň Goranmak ministrligi aýtdy.

27-nji iýunda edilen beýannamada partlamanyň pidasynyň polkownik Maksim Şapowaldygy mälim edildi.

Munuň öňüsyrasynda polisiýa gymmatbaha awtoulagyň Solomýanskiý etrabynyň araçägine ýetende partlandygyny habar berdi.

Içeri işler ministrligi pidanyň 1978-nji ýylda doglan adamdygyny we wakanyň “terrorçylykly hüjüm” hökmünde derňelýändigini aýtdy.

2014-nji ýylyň aprel aýynda gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda söweşler başlanaly bäri, konflikt zonasynyň daşynda partlaýjy serişdeleriň ulanylmagynda hüjümleriň ençemesi bolupdy.

2016-njy ýylyň iýul aýynda awtoulagda goýlan bombanyň partlamagynda belarusly žurnalist Pawel Şeremet wepat bolupdy.

BMG-niň maglumatyna görä, gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky konflikt zerarly 10 müňden gowrak adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG