Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan köpçüligiň öňünde neşe serişdelerini oda berdi


Ele salnan neşe serişdeleri, Türkmenistan
Ele salnan neşe serişdeleri, Türkmenistan

Türkmenistanda neşe serişdelerini köpçüligiň öňünde ýok etmek çäresi geçirildi.

TDH döwlet habar agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanyň hökümetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat obasynyň golaýynda geçiren bu aksiýasyna ýurduň güýç edaralarynyň resmileri gatnaşdy, oňa daşary ýurtly diplomatlar we BMG, ÝHHG ýaly guramalaryň wekilleri we habar beriş serişdeleri çagyrylypdyr.

Gatnaşanlara görkezilen we soň ýakylan neşe serişdeleriniň ýurduň kanuny goraýjy edaralarynyň geçiren ýörite operasiýalarynyň dowamynda ele salynandygy resmi maglumatlarda habar berilýär.

Şu ýyl köpçüligiň öňünde ýok edilen neşeli serişdeleriň möçberi barada, geçen ýylda bolşy ýaly resmi maglumat berilmedi.

Ondan öňki ýyllarda adatça şeýle çärelerde ýüzlerçe kilogram neşeli serişdeler oda berilýärdi. Hususan-da 2014-nji ýylda 432 kilogram neşe serişdesi ýakylypdy.

Türkmenistanda 2008-njy ýylyň başynda Neşä garşy göreş boýunça döwlet gullugy döredildi. Şol ýylda Türkmenistanda 2.3 tonna neşe serişdeleriniň ýok edilendigi habar berilipdi.

Türkmenistanda ýurt resmileriniň, daşary ýurtly diplomatlaryň gatnaşmagynda neşe serişdelerini oda bermek çäresi 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri ýylda iki gezek iýun we dekabr aýlarynda geçirilýär.

Şol bir wagtda-da ýurtda neşekeşleriň sanyny, neşe gaçakçylygynyň möçberini görkezýän resmi statistika köpçülige mälim edilmeýär.

XS
SM
MD
LG