Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystan terrorçy bolmakda güman edilýän dört adamy tussag edendigini aýdýar


Gyrgyzystanyň Goranmak geňeşiniň başlygy Temir Jumakadyrow

Gyrgyzystanyň häkimiýetleri terrorçy öýjügiň agzasy bolmakda we ýurtda hüjümleri planlaşdyrmakda güman edilýän dört adamy tussag edendigini aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 28-nji iýunda eden beýannamasynda 21 we 34 ýaş aralygyndaky dört gyrgyz raýaty Gyrgyzystanyň serhetýaka giňişliklerinde terrorçylykly hüjümleriň birnäçesini amala aşyrmak üçin dildüwüşendigini aýtdy.

Maglumatda öýjügiň halkara terrorçy guramasy bilen baglydygyny bellendi, emma başga detal berilmedi.

Agzalan dört adamyň haçan we nirede tussag edilendigi nämälim galýar.

Gyrgyzystanyň Goranmak geňeşiniň başlygy Temir Jumakadyrowyň 27-nji iýunda aýtmagyna görä, häkimiýetler geçen ýylda ýurtda azyndan 17 sany terrorçylyk hüjümleriniň öňüni alypdyr.

Gyrgyzystanyň resmileri ýurt raýatlarynyň ýüzlerçesiniň soňky ýyllarda Yrakda we Siriýada “Yslam döwleti” ekstremist toparyň düzümine goşulandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG