Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-ny Siriýadaky “howply dartgynlykda” aýyplady


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad (çepden 4-nji) Orsýetiň Hmeymim howa bazasyna sapar edýär, 27-nji iýun, 2017.
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad (çepden 4-nji) Orsýetiň Hmeymim howa bazasyna sapar edýär, 27-nji iýun, 2017.

Eýran ABŞ-ny Siriýadaky “howply dartgynlykda” aýyplady. “ABŞ-nyň galp bahanaly ýene bir howply dartgylylygy” diýip, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 27-nji iýunda aýtdy we bu ýagdaýyň “diňe Yragyň we Siriýanyň halky tarapyndan gysylyp çykarylýan “Yslam döwleti” toparynyň peýdasyna boljagyny” belläp, sözüniň üstüne goşdy.

Eýranyň aýyplamalary ABŞ-nyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýene bir himiki hüjümini taýýarlaýandygyny aýdyp, onuň “bahasynyň gymmat” boljagy barada duýduryş bermeginiň yzýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, munuň öňüsyrasynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Siriýada islendik himiki hüjüme jogap bermek üçin ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa goşuljagyny wada berdi. Eýran we Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýakyn ýaranlary. Orsýet hem Waşingtonyň duýduryşyny “kabul ederliksiz haýbat” diýip atlandyrdy.

27-nji iýunda ABŞ Siriýada ýene bir himiki hüjüme “potensial taýýarlyklary” anyklandygyny aýdyp, munuň amala aşyrylan ýagdaýynda Siriýanyň hökümeti üçin “bahasynyň gymmat” boljagyny duýdurdy. Pentagon Siriýada görülýän taýýarlyklaryň aprel aýynda himiki hüjüm bolmagy güman edilýän ýagdaýlaryň öňýanyndaky çärelere meňzeýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG