Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Global kiber hüjüm Ukraina zarba urdy, dünýäniň beýleki ýurtlaryna täsir ýetirdi


Osçadbankyň bölümi, Kiýew, 27-nji iýun, 2017

Tutuş dünýäde kompýuterler pul alyjylykly güýçli kiber hüjümine sezewar boldy, Ukraina iň agyr zarba alan ýurtlaryň arasyna düşdi.

27-nji iýunda irden başlanan kiber hüjümiň nyşany Ukraina diýlip, başda hasap edildi. Ýurduň hökümet edaralarynyň, banklaryň websaýtlaryna, esasy senagat edaralarynyň, poçta gulluklarynyň, Kiýewiň halkara aeroportunyň we Çernobyl ýadro elektrostansiýasynyň kompýuter sistemalaryna zeper ýetipdi. Emma yzýany dünýäniň beýleki ýurtlaryna we halkara kompaniýalaryna hem kiber hüjümi edildi.

28-nji iýunda wirusyň ýaýramagynyň depgini haýallady, sebäbi onuň geçmegi üçin kompýuterleriň arasynda göni aragatnaşygyň zerur bolmagy ähtimal. Bu bolsa onuň Ukraina bilen çäkli gatnaşykdaky regionlara ýaýramagyna päsgel döreden bolmagy mümkin.

Muňa garamazdan, Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň guramalary Ýewropanyň ençeme kompaniýasy bilen aragatnaşyklaryna 28-nji iýunda zeper ýetirilendigini habar berdiler.

Täze kiber hüjümi geçen aýda zarba urlan guramalara we edaralara gönükdirildi.

Zyýanly programma kompýutere hüjüm edip, talap edilýän töleg tölenýänçä kompýuteri doňdurýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG