Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Kreml ABŞ-nyň Orsýetde režimiň çalyşmagyny isleýär diýýär


Orsýetiň Ka-52 Alligator hüjümçi dikuçarlary
Orsýetiň Ka-52 Alligator hüjümçi dikuçarlary

Kremliň liderleri ABŞ-nyň Orsýetde režimiň çalyşmagyny isleýär diýip, pikir edýärler, bu pikir Moskwanyň we Waşingtonyň arasynda dartgynlylyga getirýär, diýlip ABŞ-nyň goranmak aňtaw hasabatynda aýdylýar.

Goranmak aňtaw agentliginiň 28-nji iýunda çap bolan hasabatynda aýdylyşyna görä, Moskwa “ABŞ-nyň dünýäde demokratiýany ýaýratmak tagallalaryna çuňňur we durnukly ynamsyzlyk bildirýär we muňa ABŞ-nyň diňe bir global gymmatlygy ornaşdyrmak boýunça kampaniýa hökmünde garaýar”.

“Orsýetiň Sowuk uruşdan bäri harby taýdan örän ösendigine garamazdan, Moskwa aram halkara kadalarynyň öňe sürülmeginiň Kremliň häkimiýetiniň düýp esaslaryna howp salmagyndan aladalanýar we Orsýetiň içerki işlerine daşardan goşulyşmaga ýol bermek hökmünde garaýar” diýlip, hasabatda bellenýär.

Şeýle-de hasabatda, prezident Wladimir Putiniň hökümetiniň ABŞ-ny 2014-nji ýylyň fewral aýynda Ukrainanda Orsýete dostlukly prezidenti Wiktor Ýanukowiçi wezipeden çetleşdirmekde aýyplandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG