Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: Goranmak ministrleri Owganystana çykdajylary artdyrmagy maslahat ederler


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis, Brussel, 29-njy iýun, 2017
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis, Brussel, 29-njy iýun, 2017

NATO-nyň 29 sany agza ýurdunyň goranmak ministrleri guramanyň çykdajylaryny artdyrmak we Owganystanyň “Talybana” garşy göreşine ýardam bermek üçin has köp goşun ibermek meselelerini maslahat etmek üçin 29-njy iýunda Brusselde duşuşýarlar.

Maslahatyň öňüsyrasynda çykyş eden NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg ýaranlaryň Owganystandaky goşunlaryň agzalaryny artdyrmak barada ylalaşylandygyny, emma olaryň söweş rolunyň dikeldilmegi barada gürrüň edilmeýändigini mälim etdi.

NATO häzirki wagtda Owganystanda Aýgytly ýardam missiýasynyň çäginde 13500 adamlyk goşun saklaýar, olaryň ýarysyny ABŞ-nyň harbylary emele getirýärler. Stoltenberg NATO-nyň 15 agzasynyň missiýa üçin goşmaça ýardam bermäge razylyk berendigini aýtdy.

ABŞ-nyň media maglumatlaryna görä, prezident Donald Trampyň administrasiýasy häzirki wagtda Owganystana ýene 3000-5000 adamlyk goşun ibermek meselesine seredýär. ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň sözlerine görä, bu çäre owgan hökümetiniň we “Talybanyň” arasyndaky “çykgynsyzlygy” böwsüp geçmek maksadyny öz öňünde goýýar.

XS
SM
MD
LG