Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telegram ulgamy Orsýetde informasion serişde hökmünde hasaba alyndy


Illýustrasiýa

Orsýetiň telekommunikasiýa boýunça döwlet edarasy “Roskomnadzoryň” başlygy Aleksandr Žarow işewür Pawel Durowyň sosial media serişdesi Telegramyň Orsýetde informasiýa serişdesi hökmünde hasaba durmak üçin ähli talaplary berjaý edendigini aýtdy.

Aleksandr Žarowyň 28-nji iýunda eden bu çykyşy “Roskomnadzoryň” Telegramyň syrly maglumatlary bermekden ýüz öwürmegi sebäpli ony petiklemek barada beren duýduryşyndan bäş gün geçensoň edildi.

Telegramyň eýesi Durow öz beýannamasynda sosial ulgamyň öz müşderileriniň maglumatlaryny paş etmekde “konstitusiýa ters gelýän we tehniki taýdan mümkin bolmadyk” talaplara boýun bolmajagyny aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG