Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanyň sudy zanoza.kg neşrine garşy dört sany iş gozgady


Naryn Aýypyň sud diňlenişigi

Gyrgyzystanyň sudy zanoza.kg atly garaşsyz informasion websaýtyna garşy dört sany aýra-başga sud işini gozgady. Neşir prezident Almazbek Atambaýewi kemsitmekde aýyplanýar.

Diňlenişikleriň üçüsi 29-njy iýunda Bişkegiň Oktýabr etrap sudunda geçirilip, bir gün yza tesdirilipdi.

Dördünji diňlenişik 30-njy iýuna bellendi.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy şu ýylyň başyndan bäri zanoza.kg neşirine we žurnalist Naryn Aýypa garşy dört sany iş gozgapdy we neşirde 2015-nji ýylyň oktýabr we 2017-nji ýylyň mart aýlarynyň aralygynda çap edilen makalalaryň prezidenti kemsidendigini öňe sürüpdi.

Aýyp gozgalan işleriň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

Prokurorlar zanoza.kg websaýtyny dolandyrýan ProMedia guramasyndan we žurnalistden 27 million som ($392,000) möçberinde kompensasiýa talap edýärler.

Mart aýynda Gyrgyzystanyň sudy ProMedianyň bank hasaplaryny doňdurmak we Aýypyň Bişkekdäki jaýyna girew salmak kararyny çykardy. Žurnalistiň özi babatynda syýahatçylyk gadagançylygy girizildi.

Nýu Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri goramak boýunça gurama (CPJ) Gyrgyzystany täzelikler websaýtyna hem žurnaliste garşy işi ýatyrmaga çagyrdy.

Şu ýylyň başynda Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy prezident Atambaýewe dil ýetirmekde aýyplap AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugyna garşy iş gozgapdy. Gyrgyz häkimiýetleriniň nägilelikleri ýurduň oppozision “Ata Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň tussag edilmegine degişli berlen maglumatlar bilen bagly bolupdy.

Bu iş yzýany prezident Atambaýewiň talaby boýunça ýatyrylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG