Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda “Arkadagyň ajap eýýamynyň” tanyşdyrylyşy boldy


Prezident Berdimuhamamedow aýdym aýdýar.

30-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

TDH bu kitabyň türkmen, rus we iňlis dillerinde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyna bagyşalnyp neşir edilendigini habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, täze kitapda 2007-2017-nji ýyllar aralygyndaky taryhy wakalary, şeýle-de Berdimuhamedowyň çagalygy, ýaşlygy, zähmet ýoluna başlaýşy, hünär taýdan kämilleşişi, ylym ulgamyndaky hem-de ýolbaşçy wezipelerdäki işleri barada gürrüň berilýär.

Berdimuhamamedow bu kitaby 29-njy iýunda, doglan gününde Ministrler kabinetiniň agzalaryna sowgat beripdi.

Şondan soň prezident Aşgabadyň Arçabil etrabynda gurlan kaşaň “Gala” dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnadşy we ol ýerde Berdimughamedowa bagyşlanan uly konseret guralyp, döwlet baştutanynyň sözlerine döredilen we özi hakyndaky aýdymlar aýdyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG