Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 30-njy iýunda BMG-nyň parahatçylygy gorap saklamak babatdaky býujetini amerikan basyşy astynda 600 million dollara golaý azaltmaga razy boldy, ABŞ bu programmanyň kemeldilmegini teklip edýär.
Günlere çeken gepleşiklerden soň, Assambleýanyň býujet komiteti 14 sany parahatçylyk missiýasyna gönükdirilen býujetini 570 million dollar kemeltmäge, ýagny 7.3 milliard dollara getirmäge razy boldy. 1-nji iýuldan başlanýan ýyllyk býujet şondan öň 7.87 milliard dollardy.
ABŞ-nyň ilçisi Nikki Haliý ýeňşi jar edip, “Biz özümiziň bu ýerde bolan bary-ýogy bäş aýymyzda BMG-nyň parahatçylygy üpjün etmek babatdaky býujetiniň ýarym milliarddan gowragyny kemeldip bildik, bu biziň entek diňe başlangyjymyz” diýdi.
Waşington parahatçylygy gorap saklamak býujetiniň 28.5 prosentini, BMG-nyň 5.4 milliard dollar düýp býujetiniň bolsa22 prosentini töleýär. BMG-nyň dünýä ýüzünde 95 müň çemesi parahatçylyk goraýjy esgeri bar.
Birleşen Ştatlar her bir parahatçylyk missiýasyna ýakyndan we gaýtadan, çykdajylary kemeltmek nukdaý nazaryndan seredýär.
Öz nobatynda BMG hem öz derňewlerini geçirýär. Bu derňewler 30-njy iýunda Kot-d'Iwuardaky (Ivory Coast)missiýanyň ýapylmagyna getirdi, Liberiýadaky missiýa bolsa öz operasiýalaryny geljek ýyl jemleýär, Haitidäki missiýa oktýabrda soňlanýar.
BMG Darfurdaky parahatçylyk goraýjylarynyň sanyny 44 prosent kemeldýär we ol ýerdäki halkara polisiýasynyň sanyny 27 prosent çemesi azaldýar.
Parahatçylygy gorap saklaýjylaryň býujeti baradaky gepleşikler başlanda, BMG bu býujeti 8 milliard dollara çenli ýokarlandyrmaga çalyşýardy, ABŞ bolsa ony 7 milliard dollardan aşak düşürmek isleýärdi.
Italiýanyň BMG-däki ilçisi Sebastiano Kardi$7.3 milliard dolar ylalaşygynyň Ýewropa Bileleşiginiň bolmaly diýýän býujetine golaý gelendigini aýtdy.
"Bu kanagatlandyryjy çözgüt boldy” diýip, ol bu kemeltmeleriň BMG-nyň missiýalaryna howp salmaýandygyny, şeýle-de “parahatçylygyň goralyp saklanylyşyny gowulandyrjakdygyny” sözüne goşdy.
BMG-nyň sözçüsi Stephane Dujarric"umumy möçber biziň geçen ýylkymyzdan esli az, emma biz mandatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin elden gelen tagallany ederis” diýdi.
BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterriş Waşingtona gidip,kanun çykaryjylaryň BMG prezident Donald Trampyň talap edýän býujetinden has kän maliýe serişdesiniň goýberilmegine ýardam bermeklerini gazanmak üçin üç gün tagalla etdi.
"Biz parahatçylygy gorap saklamagyň, asudalygy we durnuklylygy gazanmagyň ähmiýetine kembaha garap bilmeýäris” diýip, Dujarric aýdy.
"Bu halkara jemgyýetçiligine konfliktleriň öňüni almakda we berk parahatçylygy ornaşdyrmak üçin şert döretmekde elýeterli bolan we çykdajylar nukdaý nazaryndan iň netijeli gural bolmagynda galýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Menä düýnki reýs bilen bir garyndaşymy konsullykdan birine bilediň daşyndan 600$ berip getirtdim. Aşgabatdan çözjek bolsaň 3000$ soraýalar, ýöne aňryň konsullugyna çyksaň bärräk bolýan ekeni.