Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif 30-njy iýunda ABŞ-nyň alty sany musulman ýurdundan syýahatçylaryň gelmegine girizen täze gadaganlygy eýranlylara garşy “köre-kör duşmançylygy” görkezýär diýdi.
"ABŞ indi eýranly garry enneleriň öz agtyklaryny görmegini gadagan edýär, bu ähli eýranla gönükdirilen köre-köre duşmançylygyň hakyky masgaraçylykly görkezijisi” diýip,Zarif twitterde ýazdy.
29-njy iýunda güýje giren wagtlaýyn gadaganlyk Eýrandan we ýene bäş musulman ýurdundan ABŞ-a gelýän syýahatçylaryň bu ýurtda ýakyn amerikan garyndaşynyň bolmagyny talap edýär.
Döwlet departamenti “Ýakyn garyndaş” diýlende, muňa eje-kaka, doganlar girýär, emma ene-ata, agtyklar, daýy-daýzalar, ýegenler, çykanlar we beýlekiler girmeýär diýdi.
Eýranyň özi hem Tähran režimini tankytlaýan aktiwistlere syýahat çäklendirmesini girizýär. Ozalky prezident Mohammad Khatami daşary ýurda goýberilmeýär.