2-nji iýulda Siriýanyň paýtagty Damaskda üç sany ulag bombasy partlap, azyndan on sekiz adam öldürildi, onlarça adam bolsa ýaralandy diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat habar berdi.
Janyndan geçen bombaçylaryň biri öz awtoulagyny, häkimiýetler tarapyndan kowalanyp, daşy gabalandan soň, Damaskyň merkezindäki Tahrir skwerinde ýardy.
Beýleki iki ulag bombasy şähere girilýän ýerde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan hatardan çykaryldy diýip, döwlet metbugaty aýdýar.
Döwlet telewideniýesi häkimiýetleriň “öz nyşanalaryna barýan terrorçylary saklandygyny” aýdyp, olaryň Remezan aýynyň soňundaky Eýd al-Fitr baýramçylygyndan soň ilkinji iş gününde köp adamly ýerleri nyşana almakçy bolandyklaryny habar berdi.
Döwlet telewideniýesiniň wideoýazgylary partlamalaryň biriniň bolan ýerinde, Köne şäheriň golaýyndaky Baýtyra ýol aýlawynda, metjidiň daş işiginde erbet zyýan ýeten maşynlary we adam galyndylaryna çalym edýän şekilleri görkezdi.
Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy, oppozisiýa tarapyndan dolandyrylýan topar hem üç partlamanyň bolandygyny habar berdi.
Hökümete tarapdar güýçler pitneçileri Aýn Termadan, Damsaskyň eteklerindäki soňky mesgenleriniň birinden çykarmaga çalyşýarlar.
Prezident Başar al-Aassadyň oturýan ýeri bolan Damask Siriýanyň alty ýyllyk raýat urşunda weýran bolan beýleki esasy şäherlerden tapawutlylykda, uly gerimli söweşlerden sowuldy.
Emma muňa garamazdan, hususan-da paýtagtyň eteklerinde, bombalamalar zerarly onlarça adam heläk boldy.
15-nji martda Damaskdaky sud jaýyna we restorana edilen bomba hüjüminde 32 adam öldi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.
Bu hüjüm Köne şäherde bolan goşa partlamada 74 adam öldürilenden birnäçe gün soň boldy. Emma onuň jogapkärçiligini “Al-Kaýda” bilen iltegli “Fateh al-Şam Front” topary öz üstüne aldy. Bu topar ozal “Al-Nusra Front” diýip bilinýärdi.
Siriýadaky konfliktler 2011-nji ýylda hökümete garşy turan protestler netijesinde başlandy, emma şondan bäri geçen wagtda köp frontly urşa ýalanyp, 320 müňden gowrak adamy öldürdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.