Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” jeňçileri ýerli milisiýanyň 13 agzasyny öldürdi


Balh gubernatorynyň sözçüsi Munir Ahmad Farhad
Balh gubernatorynyň sözçüsi Munir Ahmad Farhad

Bir owgan resmisi “Talybanyň” ýerli milisiýa toparyna hüjüm edip, hökümete tarapdar söweşijileriň 13-sini öldürendigini aýtdy.

Ýerli güýçler demirgazykdaky Balh welaýatynda bir howpsuzlyk operasiýasyna gatnaşmaga barýan mahallary, Çemtal etrabynda güpbasdy edildi diýip, Balh gubernatorynyň sözçüsi Munir Ahmad Farhad 2-nji iýulda aýtdy.

Bu erkekler Içeri işler ministrligi tarapyndan şol töwerekleri pitneçilerden goramak üçin döredilen toparyň bir bölegi eken.

Apreldäki ýaz hüjümi başlaly bäri çoşuzlaryny ýygjamlaşdyran “Talyban” bu güpbasdynyň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG