Sepleriň elýeterliligi

Eýran “Total” bilen $4.8 milliardlyk ylalaşyga gol çekjegini aýdýar


"Totalyň" baş ýerine ýetiriji ofiseri Patrik Pouyanne (Ç) Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen, 28-nji ýanwar, 2016 ý.

Fransiýanyň energiýa läheňi “Total” 3-nji iýulda Eýranyň uzakdaky gaz ýatagyny özleşdirmek üçin köp milliard dollarlyk ylalaşyga gol çeker diýip, Eýranyň Nebit ministrligi aýtdy.

Bu Eýranyň geçen ýyl halkara sanksiýalary ýatyrylaly bäri baglaşylýaniň uly daşary ýurt ylalaşygy bolar. "Günorta Parsy 11 tapgyrda özleşdirmek baradaky halkara ylalaşyga duşenbe güni, Nebit ministrliginiň, “Totalyň” menejerleriniň, Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň, Eýranyň “Petropars” kompaniýasynyň gatnaşmagynda gol çekiler” diýip, ministrligiň sözçüsi aýtdy.

“Total” Eýran bilen deslapky şertnama noýabrda gol çekip, $4.8 milliardlyk (4.2 milliard ewro) proýektden 50.1 prosent paý aldy. Hytaýyň Milli nebit kompaniýasy (CNPC) bu proýektiň 30 prosentine eýe bolsa, Eýranyň “Petroparsy” 19.9 prosentini alar. “Total” 20 ýyllyk proýektiň ilkinji tapgyry üçin başlangyç 1 milliard dollar goýar.

Bu ylalaşyga başda şu ýylyň başynda gol çekilmelidi. Emma “Total” ferwalda özüniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasynyň Eýrana garşy gaýtadan sanksiýa girizip-girizmejegini görmek üçin garaşjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG