Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Hytaýyň, Ýaponiýanyň liderleri bilen Demirgazyk Koreýa barada gepleşdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Ak Tam prezident Donald Trampyň Hytaýyň we Ýaponiýanyň liderleri bilen gepleşip Demirgazyk Koreýa boýunça bilelikdäki hereketlerine degişli borçlaryny tassyklandygyny aýtdy.

Ak Tamyň ýene bir beýannamasynda Trampyň 2-nji iýulda Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abe we Hytaýyň prezidenti Ksi Jinping bilen gepleşik geçirendigini aýdyldy.

Demirgazyk Koreýa we onuň ýadro programmasy liderleriň arasyndaky gepleşikleriň gün tertibinde boldy diýip, Ak Tam habar berdi.

Tramp Hytaýyň lideri bilen telefon gepleşiginde Demirgazyk Koreýanyň ýadro we ballistik programmalarynyň howp döredýändigine aladalanma bildiripdir.

Şeýle-de Ak Tam ABŞ-nyň, Hytaýyň we Ýaponiýanyň liderleriniň Uly-20 guramasynyň Hamburgdaky sammitinde duşuşmagyna garaşylýandygyny mälim etdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Hytaýyň döwlet mediasy Ksi Jinping Trampa Hytaýyň we ABŞ-nyň aragatnaşygyna “ýaramaz faktorlaryň” zarba urandygyny aýtdy diýip, habar berdi.

Trampyň ABŞ-nyň Taiwana ýarag satmagyna rugsat bermeginden birnäçe gün soň, Hytaýyň CCTV telewideniýesi Ksi Jinpingiň ABŞ-nyň prezidentine jaň edip, ony “bütewi Hytaý” ýörelgesine eýermäge çagyrandygyny habar berdi. Pekin öz özüni dolandyrýan adany özbaşdaklyk isleýän öz regiony hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG