Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Moldowanyň Gagauz regionynyň dokma senagatyna maýa ýatyrmakçy


Pagta hasyly, Türkmenistan
Pagta hasyly, Türkmenistan

Türkmenistan Moldowanyň Gagauz awtonom regionynyň dokma senagatyna maýa ýatyrmagy planlaşdyrýar.

Gagauziýa regionynyň resmi websaýtynyň maglumatyna görä, bu mesele awtonomiýanyň häkimi Irina Wlaçyň we Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary hem daşary işler ministri Reşit Meredowyň arasynda Aşgabatda geçirilen gepleşiklerde ara alnyp maslahat edilipdir. Şol gepleşiklerde taraplaryň arasynda Gagauziýadan Türkmenistana derman önümlerini eltmek barada hem gepleşilendigi media maglumatlarynda habar berilýär.

Türkmenistanyň dokma senagaty üçin esasy çyg mal bolan pagtanyň esasy öndürijileriň biridigi bellenýär.

Türkmenistan ýylda 1 million 50 müň tonna möçberinde resmi pagta planynyň dolýandygyny ençeme ýyl bäri yglan edip gelýär.

XS
SM
MD
LG