Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň ABŞ-nyň goldawyna daýanýan güýçler Rakkanyň merkezine ýetdiler


Kürtleriň güýçleri YPG toparynyň söweşijileri, Rakka, 3-nji iýul, 2017.

Siriýada ABŞ-nyň goldawyna daýanýan güýçler Rakka şäherini “Yslam döwleti” (YD) toparynyň elinden almak boýunça amala aşyrýan söweşleriň dowamynda şäheriň gadymy böleginiň daşyndaky haýatdan geçmegi başardylar diýip ABŞ-nyň Merkezi ýolbaşçylygy 3-nji iýulda aýtdy.

“Koalision güýçler [Siriýanyň demokratik güýçlerini] goldap, Rakkanyň iň berkidilen bölegine ýetdiler we şäheriň gadymy böleginiň daşyndaky Rafigah diwarynda iki sany kiçi aralygy açdylar” diýip, merkezi harby ýolbaşçylygy aýdýar.

Maglumata görä, Siriýanyň demokratik güýçleri YD toparynyň söweşijileriniň berk garşylygyna duçar boldular. Söweşijiler söweş pozisiýalaryny ulandyrlar, minalary we partlaýjy serişdeleri ulandyrlar.

XS
SM
MD
LG