Sepleriň elýeterliligi

Astanada Siriýa boýunça parahatçylykly gepleşikleriň bäşinji tapgyry geçýär


Gazagystanyň daşary işler ministri Kairat Abdrahmanow

4-nji iýulda Astanada Orsýetiň, Eýranyň, Türkiýäniň we ABŞ-nyň diplomatlary Siriýanyň hökümet resmileri we oppozision toparlaryň käbiriniň wekilleri bilen bilelikde parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň bäşinji tapgyryna başladylar.

Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän iki günlük gepleşiklere BMG-niň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekiliStaffan de Mistura hem gatnaşýar.

Orsýetiň, Türkiýäniň we Eýranyň araçylygyndaAstanada geçirilýän gepleşikler BMG-niň howandarlygyndaky Ženewa gepleşiklerinden aýra geçirilýär.

Gazagystanyň daşary işler ministrligi 4-nji iýuldaky duşuşygyň resmi toparlaryň arasynda ikiçäk gepleşikler görnüşinde geçiriljekdigini aýdýarlar.

Gazagystanyň daşary işler ministri Kairat Abdrahmanow gepleşiklere Siriýanyň oppozision toparlaryndan dokuz adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Siriýanyň hökümet delegasiýasynyň ýolbaşçysy Başar al-Jaafari 4-nji iýulda bolan duşuşyklaryň çäginde Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hoessein Jaberi Ansari bilen gepleşdi.

XS
SM
MD
LG