Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada MH17 uçaryny partlatmakda günäkerler Gollandiýanyň sudunda jezalandyrylar


Orsýetçi separatistler gündogar Ukrainada Malaýzianyň MH17 uçarynyň gaçan ýerinde, Donetskyň golaýynda, 18-nji iýul, 2014
Orsýetçi separatistler gündogar Ukrainada Malaýzianyň MH17 uçarynyň gaçan ýerinde, Donetskyň golaýynda, 18-nji iýul, 2014

Gollandiýanyň Daşary işler ministrligi gündogar Ukrainada Malaýzianyň MH17 uçaryny partlatmakda güman edilýänleriň Gollandiýanyň sudunda jezalandyryljakdygyny aýtdy.

Ministrligiň 5-nji iýulda çap eden beýannamasynda 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda bolan betbagtçylygyň günäkärleriniň atlary görkezilmedi. Dünýäniň 17 ýurdunda bolan 298 adamy alyp baran uçaryň ykbalyny anyklamak boýunça derňewleriň netijesinde ýolagçy uçaryň Ukrainanyň gündogarynda separatistleriň gözegçiligindäki giňişlikden uçarlara garşy Buk raketa sistemasyndan atylyp partladylandygy anyklandy.

Halkara derňewlerini geçirýän umumy topar (JIT) Buk raketa sistemasynyň Ukraina Orsýetden eltilendigini we soň yzyna gaýtarylandygyny anyklady. Orsýet bu netijeleri ret etdi.

Gollandiýanyň daşary işler ministri Bert Koendersiň 5-nji iýulda aýtmagyna görä, golland sudunyň çykaran kararyna uçaryň ykbalyny anyklamak boýunça bilelikde derňew geçirýän ýurtlar - Awstraliýa, Belgiýa, Malaýzia, Ukraina we Gollandiýa tarapyndan gelnipdir.

XS
SM
MD
LG