Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň senatorlarynyň resmi topary Kabula bardy


ABŞ-nyň Senatynyň ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy Jon Makkeýn, Kabul, 4-nji iýul, 2017

ABŞ-nyň hiç bir partiýa degişli bolmadyk senatorlarynyň resmi topary 4-nji iýulda Owganystana sapar edip, Trampyň administrasiýasyny “Talybanyň” barha güýçlenýän basyşlaryna garşy göreşmek we ABŞ-nyň iň uzaga çeken urşuny soňlamak boýunça täze strategiýa çagyrdylar.

Senatyň ýaragly güýçler boýunça komitetiniň başlygy Jon Makkeýniň ýolbaşçylygynda Kabula baran resmi topar regiona edýän saparynyň çäginde Pakistana hem barar.

“Dünýädäki iň güýçli ýurt bu konfliktde ýeňmäge ukyply bolmaly” diýip, Makkeýn Kabulda geçiren metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Pentagon Owganystan boýunça häzirki strategiýa gaýtadan seretmäge çagyrýar. ABŞ-nyň harbylary Owganystanda 16 ýyl bäri “Talybana” garşy göreşi goldap gelýärler.

Habar berilişine görä, ABŞ Owganystandaky goşunlarynyň sanyny 3000-5000 adam aralygynda artdyrmak meselesine seredýär.

XS
SM
MD
LG