Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Minsk gepleşiklerine ýörite wekilini bellemek meselesine seredýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson

Waşington Orsýetiň, Ukrainanyň we orsýetçi separatistleriň arasynda Minsk parahatçylyk gepleşiklerine ýörite wekilini bellemek barada ähli taraplardan edilýän çagyryşlara seredýär diýip ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi 5-nji iýulda aýtdy.

Indiki hepdede Ukraina sapar edýän döwlet sekretary Reks Tillerson konfliktdäki taraplaryň arasynda 2015-nji ýylda Belarusyň paýtagtynda gazanylan, emma hatda ok atyşygy bes etmek boýunça şertleriň berjaý edilmeginde hem şowsuz bolan ylalaşygy goldamak isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de Tillerson 10000 çemesi adamyň ölümine sebäp bolan urşy tamamlamak üçin alternatiw ýol tapylsa, Minsk ylalaşygyna “bagly” bolmak islemeýändigini belledi.

Döwlet Departamentiniň baş resmisi ylalaşyga gatnaşýan ähli taraplaryň “ABŞ-dan ýoldaş bolmagy we Minsk ylalaşygynyň koordinatory bolmagyny sorandygyny ... we muňa aktiw seredýändigini” belledi.

Minsk ylalaşygyna Fransiýanyň we Germaniýanyň araçylygynda 2015-nji ýylyň başynda Orsýet we Ukraina tarapyndan gol çekilipdi. Ylalaşyk ok atyşygyň bes edilmegini, front liniýasyndan agyr ýaraglaryň çekilmegini we gündogar Ukraina has köp awtonomiýa bermek üçin konstitusional reformanyň geçirilmegini talap edýär.

XS
SM
MD
LG