Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa Hytaý Demirgazyk Koreýa basyş etmeli diýýär


Demirgazyk Koreýanyň kontinentara ballistik raketasy Hwasong-14, 4-nji iýul, 2017

Britaniýanyň daşary işler ministri Boris Johnson Demirgazyk Koreýanyň şu hepdede geçiren raketa synagynyň “paýhassyz” we bikanun bolandygyny belläp, dünýäniň Phenýanyň hereketlerine garşy bilelikde durmagynyň möhümdigini aýtdy.

Johnson 6-njy iýulda BBC telewideniýesinde eden çykyşynda Hytaý Demirgazyk Koreýa garşy goşmaça ädim ätmeli diýdi.

“Demirgazyk Koreýanyň edýäni paýhassyzlyk, bagyşlanmajak we BMG-niň rezolýusiýalaryna boýun bolmazlyk” diýip, Britaniýanyň daşary işler ministri7-8-nji iýulda Hamburgda Uly-20 guramasynyň geçirjek sammitiň öňüsyrasynda aýtdy.

Munuň yzýany ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Nikki Haley ABŞ-nyň “zerur bolsa” öz “agramly harby güýçlerini” ulanyp biljekdigini aýtdy.

Orsýet we Hytaý Demirgazyk Koreýanyň hereketlerini ýazgaryp çykyş etdiler, emma Phenýana garşy täze sanksiýalara we harby güýje garşy çykjagyny duýdurdylar.

XS
SM
MD
LG