6-njy iýulda Warşawa baran Donald Tramp ABŞ-nyň “Merkezi Ýewropada parahatçylygy we howpsuzlygy güýçlendirmek boýunça öz üstüne alan borjuny berjaý etjekdigini” şeýle-de “Orsýetiň hereketlerine we durnuksyzlandyryjy häsiýetine jogap bermekde Polşa bilen işleşýändigini” mälim etdi.
Polşanyň prezidenti Andrzej Duda bilen duşuşygynyň yzýany eden çykyşynda Tramp Waşingtonyň NATO bileleşiginiň öňündäki borçlaryny tassyklady. “Biziň NATO we Polşa bilen berk bileleşigimiz konfliktleri saklamak we uly güýçleriň arasynda urşuň indi hiç wagtda Ýewropany weýran etmejegini, dünýäniň has howpsuz we gowy ýer boljagyna güwä geçmek üçin wajyp bolmagyna galýar” diýip Tramp aýtdy.
Kremliň metbugat wekili Trampyň Orsýetiň özüni “durnuksyzlandyryjy” alyp barýandygy barada aýdanlary bilen Moskwanyň ylalaşmaýandygyny mälim etdi.Tramp Warşawada žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Orsýet ABŞ-nyň 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşuldy diýip, hasap edýändigini aýty “we men bu başga adamlar we başga ýurtlar hem bolup biler diýip hasap edýärin” diýip hem belledi.
Günüň aýagynda Tramp Hamburga baryp, Uly-20 guramasynyň sammitine gatnaşar we 7-nji iýulda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !