Sepleriň elýeterliligi

Putin Uly-20 guramasynyň sammitine, Tramp bilen gepleşiklere barýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Hamburg, 7-nji iýul, 2017

7-nji iýulda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçirjek gepleşigi onuň alty aýlyk prezidentlik döwrüniň dowamynda iň wajyp duşuşyklaryň biri bolmagy mümkin. Gepleşikler ABŞ-nyň we Orsýetiň arasynda barha çuňlaşýan krizisiň öňüni almak maksadyny öz öňünde goýýar.

7-nji iýulda Hamburga baran Putiniň Tramp bilen gepleşikleri Uly-20 guramasynyň sammitiniň çäginde günüň ikinji ýarymyna bellendi.

Ýanwar aýynda prezident wezipesine geçen Tramp Putin bilen düýpli meseleler barada gepleşiklere gyzyklanma bildiripdi. Esasy temalaryň arasynda, Siriýada dowam edýän uruş, Ukrainada çözülmän galýan konflikt, kiber hüjümler, Demirgazyk Koreýanyň raketa synagy we terrorizme garşy göreş.

Tramp Moskwa babatynda täzeçe çemeleşmegi teklip etdi we gaýtadan seretmek üçin ugurlaryň ençemesiniň bardygyny aýtdy.

Trampyň söwda ylalaşyklary we howanyň maýlamagy baradaky inisiatiwalary bilen baglylykda hem Uly-20 guramasynyň sammitine üns bilen syn edilýär.

XS
SM
MD
LG