Sepleriň elýeterliligi

Seul Demirgazyk Koreýanyň raketa synagy barada Phenýan bilen gepleşmegi teklip etdi


Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in

Günorta Koreýanyň prezidenti Moon Jae-in Phenýanyň üstünlikli amala aşyran kontinentara ballistik raketa synagynyň döreden dartgynlylygyny gowşatmak üçin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen gepleşik geçirmek isleýändigini aýtdy.

Şeýle-de Günorta Koreýanyň prezidenti Uly-20 guramasynyň sammitiniň öňüsyrasynda 6-njy iýulda eden çykyşynda koreýalaryň uruş zerarly bir-birinden jyda düşen maşgalalaryny birleşdirmek boýunça işlere gaýtadan başlamak, serhetdäki duşmançylykly hereketleri bes etmek we Günorta Koreýada 2018-nji ýylda geçiriljek gyşky olimpiýa oýunlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek ýaly teklipleri öňe sürdi.

Günorta Koreýa ABŞ we beýleki partnýorlary bilen bilelikde Demirgazyk Koreýany 4-nji iýulda geçiren raketa synagy üçin jezalandyrmak isleýär.

Günorta Koreýanyň teklibini Demirgazyk Koreýanyň kabul edip-etmejegi mälim edilmedi.

XS
SM
MD
LG