Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow bankirlere käýinç paýlady, maliýe ministrini täzeledi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowawynda ýurduň bank ulgamynyň ýolbaşçylaryna berk käýinç yglan etdi.

“Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy P.Allagulyýewe, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabowa, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy A.Gylyçdurdyýewe, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowa, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Hajyýewe hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Müşşikowa berk käýinç berildi diýip, TDH habar berýär.

Bu käýinç olara “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” berlipdir.

Şeýle-de prezident maliýe ministri Muhammetguly Muhammedowy, başga işe geçýändigi üçin, wezipesinden boşatdy. Onuň ýerine Goçmyrat Myradow ministr bellenildi.

Soňky aýlarda Türkmenistanda işleýän adamlaryň aýlyklarynyň gijikdirilýändigi, gelen aýlyklary nagtlaşdyrmakda uly kynçylyklaryň ýüze çykýandygy, bankomatlarda uly nobatlaryň döreýändigi barada maglumatlar köpeldi.

XS
SM
MD
LG