Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanly jenaýat toparlary Türkiýedäki ildeşlerine nähili täsir ýetirýär?


Türkiýe. Aksaraý metro stansiýasy

Türkiýe türkmenistanly migrantlaryň agdyklyk edýän ýurtlarynyň başyny çekýän bolsa, türkmen studentleri hem köpçülik taýdan Türkiýede 3-nji orunda durýarlar.

Türk mediýasynda türkmenistanly guramaçylykly jenaýat toparlarynyň öz ildeşlerine garşy edýän bikanun işleri barasynda habarlar hem halk köpçüligine ýetirilýär.

Eýsem, daşary ýurtlardaky türkmenistanly guramaçylykly jenaýat toparlary diýilýänler ol ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň we studentleriniň durmuşyna nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny daşary ýurtlarda hereket edýändigi aýdylýan türkmen jenaýat toparlarynyň türkmen migrantlarynyň we studentleriniň durmuşyna ýetirýän täsirlerine gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky tejribeleriňizi, teklipleriňizi ýa-da öz garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG