Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň nobatdaky Ýaşulular maslahaty oktýabrda geçiriler


Maslahata gatnaşýan ýaşulular
Maslahata gatnaşýan ýaşulular

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky Ýaşulular maslahatynyň 9-njy oktýabrda, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda geçirilmegi baradaky karara gol çekdi.

Türkmen metbugaty bu maslahatyň demokratik ýörelgeler we türkmen däpleri esasynda, köpi gören ýaşulularyň baý durmuş tejribelerini il-halk jebisligini berkitmekde peýdalanmak, döwlet gurluşynyň wajyp meselelerini bilelikde maslahatlaşmak üçin geçirilýändigini belleýär.

Emma ýerli synçylar hakykatda ýaşulularyň propaganda üçin ulanylýandygyny, olara hiç bir zat barada özbaşdak pikir aýtmak mümkinçiliginiň berilmeýändigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG