Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk oppozisiýa lideri bir aýlyk “adalat” ýörişiniň soňunda söz sözlär


"450-kilometrlik ýörişiň ýeke maksady bar, olam adalat” diýip, Kiliçdaroglu aýtdy.
"450-kilometrlik ýörişiň ýeke maksady bar, olam adalat” diýip, Kiliçdaroglu aýtdy.

Türk oppozisiýa lideri Kemal Kiliçdaroglu 9-njy iýulda, bir aýlyk “adalat” ýörişiniň soňunda Ankaradan Stambula ýöriş eden müňlerçe adamyň öňünde söz sözlemegi planlaşdyrýar.

Dünýewi Jemhuriýet halk partiýasynyň lideri (CHP) Kemal Kiliçdaroglu 8-nji iýulda bu ýörişi gurnamaga ýurduň sud sistemasyndaky “düýli adalatsyzlyklara we bikanunçylyklara” ünsi çekmek üçin kömekleşendigini aýtdy.

"Men näme üçin ýörişe çykdym? 450-kilometrlik ýörişiň ýekeje maksady bar, olam adalat” diýip, 69 ýaşyndaky Kiliçdaroglu aýtdy.

Goldawçylar 15-nji iýunda, paýtagt Anakaradan başlanan ýörişiň Jemhuriýet halk partiýasynyň deputatynyň tussag edilemgine we prezident Rejep Taýyp Erdoganyň alyp barýan syýasatlaryna garşy protest hökmünde gurnalandygyny aýtdylar.

Stambulyň Besiktas etrabynyň häkimi, Kiliçdaroglunyň tarapdary Murat Hazinedar “Bu ýerde raýat garşylygyndan başga mümkinçilik ýok” diýdi.

2016-njy ýylyň başa barmadyk döwlet agdarlyşygyndan bäri Türkiýede 50,000 çemesi adam tussag edildi, 100,000 töweregi adam işini ýitirdi.

XS
SM
MD
LG