Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenistanda 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10% ýokarlandyrylar.
Mundan öňki ýyllarda Türkmenistan her ýylyň iýul aýynyň başynda aýlyklary alty aýdan 10 prosent ýokarlandyrjagyny habar berenden soň bazarlardaky nyrhlar ýokarlanardy.
TDH-nyň maglumatyna görä, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1169 manat möçberde; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 343 manat möçberde; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 279 manat möçberde; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 266 manat möçberde belleniler.
Türkmenistanda kanun boýunça işsizlere kömek puly berilmegli, emma ýurtda işsizleriň anyk sany, ilatyň näçe prosentiniň garyplyk derejesinden aşakda ýaşaýandygy aýdylmaýar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?