Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan daşary ýurtlylardan “syýahatçylyk ýygymyny” ýygnar


"Awaza" syýahatçylyk solagy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji uýulda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda bolýan her daşary ýurtlydan bir gije-gündiz üçin 2 amerikan dollary möçberinde ýygym almak baradaky karara gol çekdi.

“Türkmenistanda ýerleşýän köpçülikleýin we hususy ýerleşdiriş serişdelerinde ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryndan we raýatlygy bolmadyk adamlardan her bir ýaşan gije-gündizi üçin 2 amerikan dollary möçberinde syýahatçylyk ýygymyny almak girizildi” diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

2017-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlanyp alynjak ýygym Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hasabyna geçiriler diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistan sebitde daşary ýurtly turistleriň, şol sanda etniki türkmenleriň syýahata barmagynda iň kän emeli päsgelçilik döredilen ýurtlaryň biri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG