Sepleriň elýeterliligi

Orsýetli adam hukuklaryny goraýjy Ponomarýow gazak-gyrgyz serhedinde saklandy


"Memorial" guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow (çepden birinji)

Orsýetli ady belli adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Witaliý Ponomarýow Gazagystandan Gyrgyzystana goýberilmedi.

Ponomarýowyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 9-njy iýulda gyrgyz serhetçileri ony serhetde saklapdyr, emma Gyrgyzystana barmagyna rugsat berilmezliginiň sebäbini düşündirmändir.

Ponomarýow Gyrgyzystanda bir hepde mundan ozal bolupdy. Ol Bişkege 29-njy iýunda baryp, 1-3-nji iýulda ekstremizm barada konferensiýa gatnaşypdy. 4-nji iýulda Ponomarýew Gazagystanyň paýtagty Astana baryp, yzyna Bişkege dolanyp barmaga synanyşanda saklandy.

Häzirki wagtda gazak-gyrgyz serhet geçelgesinde saklanýan Witaliý Ponomarýow 10-njy iýulda Bişkekden Moskwa uçmagy planlaşdyrandygyny aýdýar.

Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gullugy we Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti ýagdaýy kommentirlemekden saklandylar.

Bişkekde ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy “Kylym Şamy” atly guramanyň müdiri Aziza Abdyrasulowanyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, adam hukuklaryny goraýjy aktiwistler gyrgyz ombudsmeni Kubat Otorbaewe resmi taýdan ýüzlenip, ýagdaýa üns bermäge çagyrdylar.

XS
SM
MD
LG